Gyş pas­lyn­da iýil­me­li mi­we

6 Dekabr 2024
143

Be­ýi (behi) adam sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly mi­we­le­riň bi­ri­dir. Wi­ta­min­le­riň jem­le­nen ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu mi­wäniň iý­mit siň­di­riş ag­za­la­ryn­dan baş­lap, ýü­rek-da­mar ul­ga­my­na çen­li bir­nä­çe peý­da­sy bar. Güýz pas­lyn­da ýe­tiş­ýän we ýaz pas­ly­na çen­li za­ýa­lan­man sak­lan­ýan bu mi­we­den ter­li­gi­ne iý­mek bi­len bir ha­tar­da, şer­bet, mü­rep­be, mar­me­lad taý­ýar­lap bol­ýar. Be­ýi ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri halk luk­man­çy­ly­gyn­da ula­ny­lyp ge­lin­ýän mi­weleriň bi­ri­dir. Agajyň ýap­ra­gy, mi­we­si we çi­gi­di der­de der­man ha­sap­lan­ýan bu mi­we gyş pas­lyn­da iý­me­li mi­we­le­riň bi­ri­dir.

Be­ýi­niň dü­zü­min­de er­kin ra­di­kal­la­ra gar­şy gö­reş­ýän güýç­li an­ti­ok­si­dant­lar bar. Bu an­ti­ok­si­dant­lar öý­jük­le­riň za­ýa­lan­ma­gy­nyň öňü­ni alyp, do­wam­ly ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Al­ma­lar maş­ga­la­sy­na de­giş­li bu mi­we wag­tyn­dan öň gar­ra­ma­gy gi­jik­dir­ýär, şeý­le hem de­ri­niň çe­ýe hem ýaş gö­rün­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Çiş­me how­pu­ny azal­dyp, be­de­niň alyş-ça­lyş işi­ni gol­da­ýar. Be­ýi ýü­rek ýet­mez­çi­li­gi­niň hem der­ma­ny ha­sap­lan­ýar.