Bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan şä­her­ler

6 Dekabr 2024
136

Kä­te uzak ge­ze­len­jiň do­wa­myn­da uly zat­la­ra üns ber­lip, ki­çi­jik zat­la­ra wagt hem gal­ma­ýar. Bir gün­de is­len­dik bir uly şä­he­riň ta­ry­hy, me­de­ni­ýe­ti we tä­sin­lik­le­ri bi­len ta­nyş­mak müm­kin hem däl. Mu­nuň üçin azyn­dan bir hep­de ge­rek. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si uly şä­her­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan hem bol­sa, uzak sy­ýa­hat ada­my ýa­dad­ýar. Şol se­bäp­li köp ýurt­la­ra sy­ýa­hat edýän ja­han­keş­de­ler bir gün­de aý­la­nyp bol­ýan ki­çi­jik şä­her­le­re ge­ze­len­je gi­de­ni­ni kem gör­me­ýärler. Uly bolmadyk şä­her­le­ri ula­ga mün­mez­den py­ýa­da aý­la­nyp bol­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da bir gün­de ge­ze­lenç edip bol­ýan ki­çi­jik şä­her­ler bi­len ta­nyş­dyr­ma­gy ma­kul bil­dik.

Se­go­wi­ýa, Is­pa­ni­ýa­nyň ta­ry­hy me­ka­ny. Mad­rid­den uzak bol­ma­dyk ara­lyk­da ýer­leş­ýän Se­go­wi­ýa er­te­ki­le­ri ýa­dy­ňa sal­ýan tä­sin gur­lu­şa eýe­dir. Se­go­wi­ýa­nyň aja­ýyp suw aka­ba­sy, Al­ka­sar ga­la­sy şä­he­riň meş­hur ýer­le­ri­dir. 6 müň 163 ine­dör­dül ki­lo­metr meý­da­ny eýe­le­ýän asu­da şä­he­riň 52 müň ýa­şaý­jy­sy bar. Se­go­wi­ýa ta­ry­hy ýer­le­re ge­ze­lenç et­me­gi ha­la­ýan­lar üçin iň go­wy şä­her­le­riň bi­ri­dir.