Islegli sowgatlyk önümler

5 Ýanwar 2021
2653

Dünýä senenamasynyň iň naýbaşy baýramçylygy — Täze ýyl täsinlikleriň, şatlyk-şowhunyň, şol sanda-da sowgatlaryň baýramy hökmünde uly-kiçi, hemmelere aýratyn ýakym paýlady. Bu baýramçylykda Täze ýyl sowgatlary bilen halkymyzy begendirmek indi ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň hem asylly däbine öwrüldi.

Ýokary hilli dokma önümleri bilen diňe bir Türkmenistanyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda-da uly meşhurlyga eýe bolan Aşgabat dokma toplumy hem Täze ýyly mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylap, ildeşlerimizi özboluşly baýramçylyk sowgatlary bilen begendirmekde aýratyn işjeňlik görkezen öňdebaryjy kärhanalaryň biri. Däp bolşy ýaly, Aşgabat dokma toplumy tarapyndan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, täze, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň mynasyp garşylamakda göwnejaý işleriň ýerine ýetirilendigini paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň söwda nokatlarynydyr göçme söwda bazarlaryny bezeýän «ADT» haryt nyşanly sowgatlyk önümleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Toplumyň Täze ýyl üçin niýetlenen sowgatlyk harytlary, esasan, «öý dokmasynyň» önümleri bolup, olaryň arasynda çagalar üçin oýnawaçlardan başlap, el çalgyçlarynyň we sütükli çalgyçlaryň dürli görnüşleri, ýörite gaplanan sowgatlyk önümler hem bar. Iň esasy bellemeli zat bolsa «ADT» haryt nyşanly dokma önümleriniň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we elýeterli bahaly bolmagydyr. Aşgabat dokma toplumynda öndürilen Täze ýyl sowgatlyk harytlary bilen gyzyklanyp, toplumyň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Annajahan Illekowa ýüz tutanymyzda:

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.