Abadançylygyň aýdyň ýoly

5 Dekabr 2024
179

Binýady pähim-parasatdan tutulan türkmen diplomatiýasy ynsanperwerligi, agzybirligi, halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny goramakda dünýä nusgalyk taglymat bolup äleme dolýar. Dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýän türkmen Lideri parahatçylygy döretmek sungatyny dünýä ýaýýar. Kökleri ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik ýörelgelerinden gözbaş alýan, dünýä ösüşiniň çarhyna bat beren türkmeniň Bitaraplyk daragtynyň köki has berkäp, parahatçylyk taglymatyna öwrülýär.

Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk. Bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna sünnälenip çekilen keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsidir.

Jemal ARSLANOWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap RÝNÝ bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni.