Şöhrat-şany älem içre aýlanar

5 Dekabr 2024
170

Dünýäde inkär edip bolmaýan hakykat bar. Ol günüň-günden, aýyň-aýdan parhly bolup, her bir geçýän günüň halkyň hakydasynda, ýurduň taryhynda öz öçmejek yzyny goýýanlygydyr. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda eşretli günleriň hözirini görýän mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän daşary we içeri syýasatyny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň şaýady bolýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň döwrebap öwüşginler bilen dikeldilýändigi uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Keremli türkmen topragynyň gadymyýetiň ýaňy bolan taryhy ýadygärliklere baýdygy üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ösen merkezi bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muny Türkmenistanyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň iki müňe golaýynyň ýerleşýändigi hem subut edýär.

Bägül BÄŞIMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.