Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Ýurdumyzda täze tehnologiýalary we ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak esasynda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly häzirki döwürde bu ugurda işjeň syýasat alnyp barylýar. Şeýle hem ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigini bellemek gerek.
Ata Watanymyz dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriň biri bolmak bilen, energetika howpsuzlygynyň täze, döwrebap ulgamyny döretmäge aýratyn üns berilýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen dowamly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we ondan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şol esasda bu ugurda halkalaýyn energoulgamy döretmek taslamasy durmuşa geçirildi. Has takygy, 2021-nji ýylda Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi, 2023-nji ýylda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň ulanmaga berilmegi, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň gurulmagy muňa aýdyň mysaldyr. Şol bir wagtda her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleriniň işe girizilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Halkalaýyn energoulgamyň emele gelmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrýar we içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrýar.