Bagtly günler ýardyr mydam ilime

4 Ýanwar 2021
2001

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, eziz Diýarymyz ösüşli ýollarda bedew bady bilen öňe barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasyp sowgatlar bilen garşylandy. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna barýan ýurdumyzda dürli ugurlar boýunça ýetilen sepgitleriň, durmuşa geçirilýän beýik işleriň sanasaň sogaby kän. Halkymyzyň asuda, parahat ýurtda bagtyýar ýaşamagy üçin alnyp barylýan işler günden-güne, ýyldan-ýyllara has-da belent derejelere ýetýär. Mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasaty, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek we her bir raýatyň iş, okuw, ýaşaýyş şertleriniň öňküden-de gowulanmagy babatda gol çekýän Kararlarydyr Permanlary halkymyz tarapyndan goldanylýar.

Her ýylyň başynda zähmet haklaryny, talyp haklaryny, döwlet kömek pullaryny, pensiýalary 10 göterim galdyrmak barada karar kabul edilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan däbe öwrülip durmuşa geçirilýän bu işler halkymyzyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýär we şeýle bagta mynasyp bolan ildeşlerimiz mähriban Arkadagymyzyň adyna bolan alkyşly sözlerini dile getirýärler: