Bagtyýarlyk şuglasy

4 Dekabr 2024
166

Dünýäde parahatçylygy goldaýan eziz Watanymyzyň Bitaraplygy halklaryň dost-doganlygyny pugtalandyrmaga hyzmat etmek bilen, parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagy üçin ajaýyp şertleri döredýär. Bitaraplygymyz bagtyýarlyk aýdymymyz bolup, bizi ýeneki üstünliklere ruhlandyrýar hem-de kalbymyzda buýsanç duýgularyny artdyrýar. Türkmen döwletiniň hoşniýetli bitaraplyk syýasaty parahatçylyk söýüjiligiň we dostlugyň güýjüne daýanýar. Hut şonuň üçinem halkara derejede ykrar edilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejämiz halkara durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda, parahatçylyk arkaly ösüşleri gazanmakda, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda gymmatly taglymat bolup orta çykdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň berkarar döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýeti bardyr».

Dünýä halklarynyň bagtyýar we abadan durmuşy ugrunda tutumly işleri alyp barýan, döwlet syýasatynda parahatçylygy dabaralandyrýan berkarar ýurdumyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 29 ýyllyk toýuny belent dabaralara besleýär. Dünýä möçberinde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde bellenýän bu baýram merdana halkymyzyň ýüreginde baky orun alan bagtyýarlyk hem buýsanç baýramydyr. 

Merdan KULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.