Innowasion usullaryň işjeňligi

4 Dekabr 2024
194

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda sanly bilim esasynda üznüksiz bilim üçin giň mümkinçilikler döredilip, okatmagyň usullary yzygiderli baýlaşdyrylýar. Innowasion usulda sanly bilim we dünýä tejribesi okuw işine ornaşdyrylýar. Bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalary ýokary hilli elektron göterijilerdäki maglumatlar esasynda kämilleşdirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Innowasion tehnologiýalardan işjeň peýdalanmak biologiýa sapaklarynda berilýän bilimiň okuwçylar tarapyndan aňly-düşünjeli özleşdirilmeginiň bir serişdesidir. Olar sapagyň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň işjeňligini artdyrmaga täsir edýär. Biologiýa sapaklarynda multimedia tagtasynda geçirilýän test soraglary okuwçylaryň nazaryýetde alan bilimlerini anyklamaga, olary tejribede ulanyp bilmek endiklerini ösdürmäge gönükdirilýär.

Mahmutjan BALTAÝEW,
Çärjew etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň biologiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.