Döwrebap tehnologiýalar – täzeçil bilimiň badalgasy

2 Dekabr 2024
158

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Ajaýyp zamanamyzyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr.

Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulgamdyr.

Zulhumar HAKBERDIÝEWA,
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.