Hyzmatdaşlygyň döwletli ýörelgeleri

3 Dekabr 2024
172

Türki halklaryň agzybirliginiň, özara arkalaşygynyň sütünleriniň birine öwrülýän Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň işi barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine 29-njy noýabrda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisiniň işi hem nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilip, şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisinde bu Geňeşiň işi bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy, şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aýjeren BATYROWA,
Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.