Bäsleşigiň jemi jemlenildi

3 Dekabr 2024
399

Ýakynda ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda «Bagy-bossanlyga we gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi. Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmek, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýaş nesliň işjeň gatnaşmagyny gazanmak, olarda daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata söýgini terbiýelemek hem-de ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ösdürmek bolup durýar.

Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda, umumybilim berýän mekdepleri we çagalar baglary bilim edarasynda bagy-bossanlyga degişli işiň ýola goýluşy; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi; bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde miweli we saýaly baglaryň, bezeg ösümlikleriniň we gülleriniň ösdürilip ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişi; mekdep okuwçylarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler, çagalar baglarynyň körpeleri, mekdep okuwçylary, pedagogik, hyzmat ediş işgärleri bilen daşky gurşawy goramak we baýlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler; bilim edaralarynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişi; mekdep okuwçylarynyň, olaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda bilim edarasyny bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işler diýen ugurlar boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Ýörite habarçymyz.