Taryhy hakyda we döwrüň hakykaty

3 Dekabr 2024
207

Ol Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeşt mejlisinde sözlän sözünde aýdyň beýanyny tapdy

...Köki bir, köňli bir dünýä. Umumy maksatlar, bitewi bähbitler. Şöhratly taryh, aýdyň geljek... Türki dünýä hakynda söz açylanda, öňi bilen, ine, şeýle düşünjeler seriňe gelýär. Türki halklar Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýarlar. Türki siwilizasiýanyň öz gözbaşyny Merkezi Aziýa giňişliginden alyp gaýdýandygy bolsa hemmä mälim. Çeşmäniň gudratynyň durulygynda, derýanyň kuwwatynyň joşgunynda, deňziň güýjüniň çuňlugynda bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň berkligi-de, ilkinji nobatda, taryhy köklere, bitewi gymmatlyklara daýanýar. Häzirki döwrüň ýönekeý bolmadyk şertlerinde döwletleriň arasyndaky şeýle jebisligiň belli bahasy ýokdur.

Kakamyrat REJEBOW.
«Türkmenistan». Aşgabat — Budapeşt — Aşgabat.