Hywaçyoýdaky bag

4 Ýanwar 2021
2090

Ýurdumyzda oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda bagçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Etrabymyzda bagbançylyk işini kemsiz ele alyp, dürli miwe önümleriniň bereketli hasylyny ýetişdirýän bagbanlar näçe diýseň bar. Şular ýaly tejribeli bagbanlaryň hatarynda Akgala geňeşliginiň Hywaçyoý obasynda ýaşaýan Bazarbaý Kamalowy görkezmek bolar. Bazarbaý aga diňe bir daýhan birleşiginde däl, eýsem, etrapda tejribeli agronom, öňdebaryjy gallaçy kärendeçi, şeýle hem bagban hökmünde tanalýar. Bazarbaý aga birleşigiň 11-nji kärendeçiler toparyna degişli 3 gektar ýerde bagçylyk bilen meşgullanýar. Bu baga baryp synlanyňda, Bazarbaý aganyň bagyň şu derejä ýetmegi üçin köp zähmet siňdirendigine göz ýetirmek bolýar.

3 gektar kärende ýerinde erigiň 4, almanyň 3, saýaly agaçlaryň 4 görnüşini ösdürip ýetişdirmek bilen, bagdan bereketli hasyl alyp, halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmakda irginsiz zähmet çekýär. Ýaşy 60-dan geçen bagban bagbançylyk işiniň inçe tärlerini ogly Bagtyýar Kamalowa öwredýär. Bagtyýar kakasynyň ýakyn ýardamçysy. Her ýyl bahar, güýz aýlarynda bagda täze miweli agaçlaryň dürli görnüşleriniň ekilmegi netijesinde bag meýdanlarynyň çägi barha giňeýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.