Ynama ygrarlylygyň görkezijisi

2 Dekabr 2024
193

Iň soňky täzeliklerden we wakalardan habarly bolmak ähli döwürlerde söwda-ykdysady işjeňlikde üstünlik gazanmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanypdyr. Halk ertekilerinde, tymsallarda parasatly adamlar bilen geňeşip, ummasyz mal-mülküň eýesi bolýan tüçjarlaryň, häzirki döwürde ygtybarly taslamalara maýa goýup, dünýäniň iň baý adamlarynyň hataryna goşulan işewürleriň mysalynda bu hakykat aýdyň görünýär. Pul serişdelerini ygtybarly we girdejili taslamalara ýatyryp, peýda görmek bu gün maýa goýujylaryň esasy aladasy. Şeýle taslamalary ýüze çykarmak, olaryň ýakyn we uzak geljekdäki mümkinçiliklerine baha bermek bolsa halkara maliýe institutlarynyň wezipesidir. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen baglanyşykly geçirilýän halkara forumlara onlarça döwletlerden ýüzlerçe işewürleriňdir bilermenleriň gatnaşýandygyna şaýat bolýarys. Munuň özi Türkmenistanyň okgunly ösüş bilen häsiýetlendirilýän ykdysady görkezijileriniň, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalaryň dünýäde uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar.

Iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berýän maýa goýumlary çekmekde abraýly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti örän uludyr. Çünki halkara maliýe institutlary ykdysady görkezijileri we olara täsirini ýetirýän şertleri seljermek arkaly diňe bir iri kompaniýalaryň däl, eýsem, tutuş döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini şöhlelendirýän karz reýtinglerini taýýarlaýar. Bu ugurda ýöriteleşen halkara maliýe institutlarynyň iň meşhurlary «Standart & Poor’s», «Moody’s» hem-de «Fitch Ratings» agentlikleridir. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, degişli düzümler, hususan-da, Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça çäreler barada aýratyn durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ady agzalan agentlik tarapyndan şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň karz reýtinginiň ýokarlandyrylandygy bellenildi.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».