Hoşniýetlilik ýörelgesi rowaçlanýar

1 Dekabr 2024
282

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çagalaryň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri Watanymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Munuň özi çagalar hakyndaky aladanyň, asylly ýörelgeleriň aýdyň görkezijisidir. Ýaş nesil hakyndaky alada, durmuşa geçirilýän beýik işler ýüreklerimizi buýsanja besleýär.

Çagalaryň ösüşi we döwrebap terbiýelenilişi baradaky meselelerde ata-babalarymyzyň etnopedagogikasynyň baý tejribesi halkara tejribeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp ösdürilýär. Muny biz — bilim işgärleri ýurdumyzda çagalar üçin durmuşa ornaşdyrylýan her bir işde aýdyň görüp bilýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda zähmet çekýän bilim işgärleriniň iş tejribeleriniň kämilleşmegi üçin şu ýylyň 20–23-nji noýabry aralygynda ýörite topar Katar döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen «Expo — 2024» atly çagalaryň halkara sergisine gatnaşmaga mümkinçilik aldy. Doha şäheriniň Kongresler merkezinde geçirilen bu çäredäki çagalaryň saglygy üçin düzülen görkezme oýunlary serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergi bilim we tejribe alyşmak, çagalar we maşgala işleri bilen baglanyşykly kompaniýalar we edaralar bilen özara gatnaşyk saklamak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Baýramgül AKGAÝEWA,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar