Dünýä dolan bagtymyz

1 Dekabr 2024
317

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyzyň ykbalynda ýatdan çykmajak taryhy wakalar, ajaýyp pursatlar altyn harplar bilen taryha ýazylýar. Ýurdumyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri Diýarymyzyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we bütindünýä ähmiýetli ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alyp barýan syýasaty dünýä ýurtlary tarapyndan goldanylýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzalygyna kabul edildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu ajaýyp seneler ýurdumyzyň taryhynda iň bir ýatdan çykmajak, taryha altyn harplar bilen ýazyljak waka öwrüldi. Ynha, şol günden bäri hem ýurdumyz bu ajaýyp senäni uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda edýän aladalarynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hemişelik Bitaraplyk agzybirlikden, dost-doganlykdan nyşandyr. Bize şeýle asuda zamanany peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Selbi PALTAÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.