Durnukly ösüş ugrunda

29 Noýabr 2024
185

Gadymyýetde halklary we medeniýetleri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen türkmen topragy häzirki döwürde-de yklymlary biri-birine baglaýan ulag-üstaşyr merkeze öwrülýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça döwrebap düzümleri bilen tanalýan ýurdumyzyň mümkinçilikleri halkara giňişliginde uly gyzyklanma döredýär. 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly III halkara maslahat we sergi bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 600-e golaý wekili Aşgabatda jemlän iri halkara forumda ulaglaryň özara baglanyşygyny ýokarlandyrmak, strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly, inklýuziw ulag ulgamlary boýunça netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak, pudaga «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanlylaşdyrmak, ekologik taýdan arassa logistikany goldamak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bizem halkara foruma gatnaşyjylaryň käbirleriniň beren gyzykly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Li SININ,
Hytaý Halk Respublikasynyň «CRRC Ziyang» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary we esasy inženeri:

Ýazga geçiren Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».