Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli mekdebimizde «Dünýä uzaýar dostana ýollar» atly edebi söhbetdeşlik geçirildi.
Baýramçylyk çäresinde çykyş edenler Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhyna ser salsaň, türkmenler bilen dünýä halklarynyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň möhüm şaýatlary bolan gyzykly wakalara duş gelinýändigine üns çekdiler. Gadym wagtlardan bäri Beýik Ýüpek ýoly hem işjeň gatnaşyklaryň ösmegine ýardam edipdir. Halklar bu ýol boýunça özara saparlary amala aşyrypdyrlar hem-de durmuş-ýaşaýyş tejribelerini paýlaşypdyrlar, şeýdibem döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen häzirki wagtda hem hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň gatnaşyklary has ösýär. Meselem, Hytaý Halk Respublikasy bilen «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlaryny utgaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär. Transmilli gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilmegi hem däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanydyr. Goňşy Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan, Owganystan, Hindistan, Pakistan we Ýewropa ýurtlary bilen hem dost-doganlyga esaslanýan gatnaşyklarymyzyň gerimi ýylsaýyn giňelýär. Türkmen gazy, elektrik energiýasy we beýleki önümlerimiz sebitiň we dünýäniň ýurtlaryna ýol ýasaýar. Türkmenistanyň parahatçylyk arkaly gülläp ösüşlere çagyrýan halkara başlangyçlary we teklipleri ähli halklaryň we döwletleriň goldawyna eýe bolýar.