Sport — saglyk we belent ruh

29 Noýabr 2024
266

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, şeýle-de ýaşlaryň boş wagtlaryny many-mazmunly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, golaýda TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Sport — güýç, gözellik, saglyk we belent ruh» diýen şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça  bäsleşik geçirildi.

Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Netijede, 1-nji orna mekdebiň 1-nji ýyl talyp oglanlardan düzülen «Ýyldyz», 2-nji orna talyp gyzlardan düzülen «Güneş» topary mynasyp boldular. Ýeňijilere TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýazjemal BAZAROWA,
TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.