Giň mümkinçilikleriň ulgamy

4 Ýanwar 2021
1859

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar.

Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.