Gymmatly tapyndylar muzeýe gowşuryldy

28 Noýabr 2024
218

Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik toparynyň (MAFTUR) döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky gadymy Ulugdepe taryhy-medeni ýadygärliginden tapylan arheologik tapyndylary Şekillendiriş sungaty muzeýine gowşurmak dabarasy geçirildi. Oňa iki ýurduň arheologiýa ylmyny öwrenýän alymlary, taryhçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar hem-de dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýiş­le­ri ýaly, Merkezi Aziýanyň gadymy ilatynyň oturymly ýaşaýşa geçişiniň, ekerançylyk medeniýetiniň emele gelşiniň we ösüşiniň taryhyny öwrenmekde Türkmenistanyň arheologik ýadygärliklerine aýratyn orun degişlidir. Şeýle gymmatly taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolandygy we olaryň düýpli öwrenilmeginiň dünýä alymlarynda uly gyzyklanma döredýändigi göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň gadymy medeni ýadygärliklerini öwrenmek boýunça Türkmen-fransuz arheologik topary (MAFTUR) döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar aka-demiýasynyň we Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkeziniň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda döredilen bu topar 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen alymlary bilen bilelikde arheologik gözleg işlerini alyp bardy.