Bü­tin­dün­ýä dur­nuk­ly ulag gü­ni hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi bi­len bel­le­nil­di

28 Noýabr 2024
203

26-27-nji no­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da «Hal­ka­ra ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri: öza­ra ara­bag­la­ny­şyk we ösüş — 2024» at­ly hal­ka­ra mas­la­hat we ser­gi guraldy. Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra fo­ru­ma dün­ýä­niň 40-dan gow­rak ýur­dun­dan 600-e go­laý we­kil gat­naş­dy.

Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da ugur­daş döw­let we hu­su­sy dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, şol san­da BMG-niň, ÝHHG-niň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bar. Şeý­le-de myh­man­la­ryň ara­syn­da «Fly Dubai», «Car­go Lux», «Luft­han­sa Con­sul­ting» ýa­ly hal­ka­ra lo­gis­ti­ka we eks­pe­di­tor­çy­lyk kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň, Hal­ka­ra ho­wa ulag­la­ry as­so­sia­si­ýa­sy­nyň (IATA), Hal­ka­ra gä­mi­çi­lik eda­ra­sy­nyň (ICS), Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň (IRU), De­mir ýol­la­ryň hyz­mat­daş­lyk gu­ra­ma­sy­nyň (OSJD) we beý­le­ki­le­riň we­kil­le­ri bar. Şeý­le hem fo­ru­ma Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Ulag­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şy­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, dur­nuk­ly, inkl­ýu­ziw ulag ul­gam­la­ry bo­ýun­ça ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, san­ly ge­çiş, eko­lo­gik taý­dan aras­sa lo­gis­ti­ka­ny gol­da­mak we dur­nuk­ly ulag ba­ra­da jem­gy­ýet­çi­li­giň ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak bu iri hal­ka­ra çä­rä­niň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar.