Saglygyň girewi

4 Ýanwar 2021
1853

Tebigatyň we ynsanyň durmuşynda arassaçylygyň berjaý edilmegi sagdynlygyň berkarar edilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Arassaçylyk adamyň saglygy we gelşigi, medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Uzak wagtlardan bäri arassaçylyk medeniýeti ýaşaýşyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Lukmanlar «Sanitariýa medeniýeti bolmazdan, başga medeniýet bolup bilmez» diýip, arassaçylyk medeniýetiniň wajyplygyny örän ýerlikli belleýärler. Bu medeniýeti çaganyň gursagyna ýaşlykdan guýmaga başlamaly. Çaga şol medeniýet bilen ulalyp, ömrüniň ahyryna çenli ony durmuşynyň hemrasyna öwürmeli.

Häzirki döwürde ýurdumyzda keselleriň öňüni almak babatda giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler bolsa suwlaryň arassalygyna gözegçilik etmekligi, akaba suwlaryň daş-töweregini arassa saklamaklygy, ilaty arassa agyz suw bilen üpjün etmekligi we saglyk hakynda wagyz-nesihat işlerini geçirmekligi öz içine alýar. Şeýlelikde, azyk önümlerini ýygnamakda, saklamakda, taýynlamakda hem-de jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, söwda we çagalar edaralarynda, mekdeplerde sanitar ýagdaýlary gözegçilikde saklanýar.

Gözel BABAÝEWA,
AŞBSH-nyň UZB lukmany.