OTIF: Orta geçelge Türkmenistanyň üsti bilen möhüm ähmiýete eýedir

28 Noýabr 2024
204

Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024” atly maslahatyň we serginiň dowamynda Halkara demir ýol ulaglarynda gatnawlar boýunça hökümetara guramasynyň (OTIF) Baş sekretary Wolfgang Küpper wideoýüzlenmesi bilen çykyş etdi.

Özüniň ýüzlenmesinde 130 ýyl hereket etýän OTIF-iň taryhy ähmiýetini we halkara demir ýol ulaglary üçin hukuk we tehniki binýady döretmäge goşan goşandyny belläp geçdi. Häzirki wagtda bu gurama 51 döwleti birleşdirýär, ýük daşamak, howply harytlary daşamak we tehniki laýyklyk üçin bitewi düzgünleri üpjün edýär.