Täsirli geçen maslahat

4 Ýanwar 2021
1888

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek dogrusynda beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde «Buýan köküniň ähmiýeti» diýen at bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümliklere örän baýdygyny bellemek bilen, il arasynda «süýji buýan» ady bilen belli bolan buýan köküniň ylmy we halk lukmançylygynda içde döreýän keselleri, üsgülewük, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň hem-de onikibarmak içegäniň kesellerini bejermekde dermanlyk serişde hökmünde giňden ulanylýandygy, ylmy çeşmelere salgylanyp, Gippokrat, Galen, Ibn Sina ýaly alymlaryň hem dürli kesellerde buýan kökünden peýdalanandyklary barada gürrüň berdiler. Bu ösümligiň düzümindäki glisirrizin turşusynyň ýokanç keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde peýdasynyň uludygyny belläp geçdiler. Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, lukmançylykda ulanylyşy, biologik aýratynlyklary hem-de himiki düzümi barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini nygtadylar.

Nabat TÄZEMYRADOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».