Köpimiz durmuşa geçirmek isleýän arzuwlarymyzyň birbada amala aşmagyny tama edýäris. Isleglerimiziň ählisi dessine durmuşa geçse, gadyrsyz bolmazmy? Üns berseňiz, gadyrlanýan zatlaryň ählisi ýetip bolmaýan ýa-da ýetmek üçin köp zähmet sarp edilen zatlardyr. Durmuşa geçirýän her bir işimize näçe zähmet sarp etsek, onuň miwesiniň gadyr-gymmaty hem şonça ýokary bolar. Şu pursat meşhur tälimçi Pep Guardiola ýadyma düşýär. Onuň tälimçilik edýän «Mançester Siti» toparynyň 2020-2021-nji ýyllardaky UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final oýnuna tomaşa eden günüm göz öňüme gelýär. Finalda «Mançester Siti» we «Çelsi» toparlary duşuşdy. Bu oýunda «Çelsi» topary Kaý Hawersiň ýeke-täk goly bilen 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň ertesi güni daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Pepiň şu sözi orun alypdy: «Göreşde näçe köp güýç sarp etdigiňçe, şonça hem ýeňşiň tagamy süýji bolýar». Biz hem Pep Guardiolanyň jümlesinden ugur alyp, onuň durmuş tejribesi hakynda söhbet etmegi müwessa bildik.
Pep Guardiola diýlende, ilki bilen, «Mançester Siti» futbol topary ýadyňa düşýär. Muňa garamazdan, Guardiola «Barselona» toparynda oýunçy hem tälimçi hökmünde birnäçe ýyllar zähmet çekipdi. Ol «Barselona» toparynyň taryhynda iň köp kuboga mynasyp bolan tälimçi hökmünde hem tanalýar. Emma muňa garamazdan, Pep «Mançester Sitide» aýratyn sylanýar. Sebäbi öz geçmiş tejribesine esaslanyp, bu toparyň düzümini ol düýpgöter üýtgetdi. Tälimçi ady agzalan topar bilen dowamly çeken zähmeti netijesinde, 2022-2023-nji ýyldaky möwsümde Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp boldy.