Nusgasy iller gezer

4 Ýanwar 2021
1968

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işlerini, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmaklaryny, gyzlaryň el hünärlerinden baş çykarmaklaryny gazanmagy wagyz etmek boýunça täsirli çäreler, maslahatlar, sergiler guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de «Nusgasy iller gezer» diýen at bilen Serdar şäher medeniýet öýünde geçirildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Serdar şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige orta mekdepleriň mugallymlary, mährem eneler we gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda el işleriniň gyzlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gyzlara keşde-nagyş öwretmekde, haly-palas dokamagyň tärlerini doly ele almaklaryny gazanmakda edilmeli işleriň edep-terbiýe bilen baglydygy aýdyldy. El işleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, beýik başlangyçlarynyň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».