Zähmet hormat getirýär

27 Noýabr 2024
204

Biziň gürrüňimiz Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň 40 ýyldan gowrak wagt bäri şalyçylyk bilen iş salşyp gelýän tejribeli daýhany Galpakbaý Mämmetdurdyýew barada. Onuň kakasy Täçdurdy aga seýis, belli atşynas hem-de tejribeli daýhan bolupdyr. Ol ençeme ýyl topar ýolbaşçysy bolup, pagtadan ýokary hasyl almagyň göreldesini hem görkezipdir. Ol öz ogly Galpakbaýyň hem daýhançylyk kesbini dowam etdirmegini isleýärdi.

Galpakbaý ata maslahatyna eýerip, ilki Daşoguz şäherindäki ýörite oba hojalyk mekdebini, soňra Aşgabatdaky oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk bölümini tamamlady. Oňa 1982-nji ýylda häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigine işe ýollanma berdiler. Bu hojalyk şalyçylyga ýöriteleşdirilen iri hojalyklaryň biridi. Galpakbaý bu ýerde topar ýolbaşçysy, agronom ýaly wezipelerde işläp, şalyçylygyň abyny-tabyny gowy öwrendi. Ýaş agronomyň işbaşarjaňlygyna, gazanýan oňat netijelerine göz ýetirensoňlar, ony 1987-nji ýylda şalyçylyga ýöriteleşdirilip, täze açylan häzirki «27-nji oktýabr» daýhan birleşigine işe goýberýärler.

Annageldi BEKIÝEW,
öz habarçymyz.