Şahyr kalply halyçydy

27 Noýabr 2024
232

Halk arasynda özüniň ýaşan döwründe ýiti zehini bilen özboluşly yz galdyran zenanlar az däl. Şolaryň biri-de şahyr, folklorçy, ýagny edebi mirasy aýdyjy we il arasynda ýaýradyjy zenan Hajarbibi Nepesowadyr.

Ol 1901-nji ýylda gojaman Hazary ýakalap oturan häzirki Esenguly şäherinde dünýä inýär. Hajarbibiniň atasy, XIX asyrda ýaşap geçen Allaguly Saýatly hem il arasynda şahyr hökmünde tanalypdyr, kakasyna-da Rejep ahun (Rejep Allaguly) diýer ekenler. Ol-da öz döwrüniň ylymly adamlarynyň biri bolupdyr. Uly ahun hökmünde tanalan Rejep aga talyplara bilim beripdir. Kakasynyň öz talyplarynyň arasynda sylagynyň örän uly bolandygyny şahyr zenan goşgularynyň birinde: «Ajaýyp dereje bardy başynda,// Sypaýy goçaklar degre-daşynda» diýip, aýratyn ýatlap geçýär.

Repbimberdi SAPARDURDYÝEW,
Esenguly etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.