Berk binýatly tutumlar

27 Noýabr 2024
246

Ýene sanlyja günlerden biz güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýigrimi dokuz ýyllygyny toý şatlygyna, uly ruhubelentlige beslenip, halkara derejesinde giňden belläp geçeris. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu sene Watanymyzyň taryhynda aýratyn orun tutýar, çünki şondan biziň Garaşsyz döwletimiziň depginli ösüşiniň täze tapgyry başlandy.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» ýörite Kararnama dünýä bileleşiginiň ata Watanymyzyň daşary syýasy ugruna beren ýokary bahasynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle-de ata-babalarymyzdan gelýän parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we açyklyk ýörelgeleriniň dünýä derejesinde ykrar edilendiginiň güwäsidir.

Akmeňli HALLYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 23-nji orta mekdebiň mugallymy.