Keşdesinde edebi

26 Noýabr 2024
225

El hünäri mähirban ene-mamalarymyzyň ýaş nesillerimize miras goýan gadymy sungatlarynyň biridir. Bu sungat asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere dowam edip gelýär. Muny her bir ene gyz perzendine öwredip, dürli el işleriniň has-da kämilleşmegini gazanypdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitabynda: «Akgaýma tahýaly oglanlara, gültahýaly gyzlara, öýme ýaglykly gelinlere, ak gyňaçly enelere, çäkmenli atalara gözüň düşende, pederlerimiziň pähim-paýhasy siňen milli gymmatlyklarymyzyň, asylly ýörelgelerimiziň, gadymy däp-dessurlarymyzyň dowamlydygyna buýsanjyň goşalanýar» diýip, belleýär. Eli çeper gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalarymyzdan miras galan keşde nagyşlaryna häzirki döwrüň ruhuna laýyk täze öwüşginleri berip, bu sungaty has-da baýlaşdyrýandyklary diýseň guwandyrýar.

Türkmen gelin-gyzlarynyň el işlerinde gözel tebigatymyza bolan çäksiz söýgi öz ornuny tapýar. Eli çeper gyz maşgalalar ogluny öýli-işikli etmegiň ugruna çykan enelerimiziň hem gözleginde bolupdyr. Bu barada il arasynda şeýle gürrüň hem bar. Eneleriň biri ogul öýermek niýetiniň bardygyny aýdyp, kimiň gapysyny kakmalydygyny soranda, ýaşy birçene baran garry eneleriň biri: «Aljak gyzyňyzyň eli çeper bolsun. Gyz maşgalanyň sünnäläp edýän keşdesinde edebi görnüp durandyr. Ogul bolsun, gyz bolsun, tapawudy ýok, hünärli adam öýüň berekedine bereket, ömrüňe ömür goşýandyr» diýipdir.

Arzygül KAKABAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.