Tebigy boýaglaryň çeşmesi

26 Noýabr 2024
307

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň gadymy sungaty bolan halyçylyk sungaty barada «Janly rowaýat» atly kitabynda ýerli ösümliklerden alynýan tebigy reňkler, dürli boýaglar barada hem gymmatly maglumatlary berýär. Gözel türkmen tebigatynda boýag ösümlikleriniň uly gory jemlenendir. Asty-üsti baýlyk bolan tebigatymyz tebigy boýaglaryň çeşmesidir. Bir söz bilen aýdanymyzda, eziz Diýarymyzda boýag ösümlikleriniň iki ýüzden gowrak görnüşi bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, olaryň ýüzden gowragy senagat ähmiýetli bolup, halk önümçiligi üçin gymmatly çig mal bolup durýar. Boýagçylykda giňden ulanylýan ösümlikleriň hatarynda hozy, nary, yşgyny, syýagy, saryçöpi, çetiri, çakyrtikeni, zirki, zagpyrany, böwürsleni, üzärligi görkezmek bolar. Bu işi sungat derejesine ýetirmegi başaran pederlerimiz diňe yşgynyň özünden ýedi görnüşli boýag almagy ussatlyk bilen başarypdyrlar. Şu ösümliklerden taýýarlanylan boýaglar ýiti we durnukly bolýar. Boýalan ýüplügiň reňk öwüşginleri-de owadan bolýar.

Üzärligiň dänesidir köki hem boýag almak üçin gymmatly çig maldyr. Hoz, nar agaçlarynyň miwesiniň we soganyň gabygynyň, üzümiň çigidiniň düzüminde hem boýag serişdeleri bar. Boýag ösümlikleriniň arasynda çöl ösümlikleri-de köp. Olaryň hatarynda halkymyzyň humly hazynasy bolan gözel Garagum sährasynyň bezegi bolan çogan, çerkez, sözen, gandym, sazak, çaly, borjak, ýowşan ýaly ösümlikleri görkezmek bolar. Obalarymyzyň esasy bezegi bolan tut agajyndan hem birnäçe görnüşli boýag alnypdyr. Tut agajynyň içki özeni — sary reňk almak üçin ulanylan bolsa, onuň ýapragyndan gök, ýaşyl reňkleri alnypdyr. Boýagdyr reňk taýýarlamak işiniň hysyrdysy-da ýetik bolupdyr.

Jemile KURBANKULYÝEWA,
Babadaýhan etrabynyň merkezi kitaphanasynyň Ak altyn obasyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.