Tamdyr — agzybirligiň nyşany

26 Noýabr 2024
217

Türkmen halkymyzda ýeke-täk zatlar mukaddes hasaplanylýar. Şeýle bolansoň, olar hemişe ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz tarapyndan hemişe eý görlüp gelnipdir. Tamdyr hem şeýle mukaddeslikleriň biridir. Il arasynda ir döwürlerden bäri tamdyr ussatlary uly hormatdan peýdalanypdyrlar.

Obamyzda ýaşaýan Aýbölek eje-de ökde tamdyr ussatlarynyň biridi. Oba arasynda onuň ady «Bölek eje» diýlip uly hormat bilen tutulýar. Oňa tamdyr salyp ber ýa-da suwap ber, şeýle-de bu işlere kömek berip, hemaýat et diýseler onuň hiç ýadamasy-ýaltanmasy bolmazdy. Bölek eje bu işden lezzet alardy. Ol dynç alan wagty hem tamdyr bilen baglanyşykly ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar, ýol-ýörelgeler barada höwes bilen gürrüň bererdi.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».