Badat

26 Noýabr 2024
306

Badat — krahmala baý, süýjümtik tagamly, süýrümtik şekilli bakja ösümligi bolup, daşyndan synlanyňda, ýeralma meňzeýär. Onuň gabygy ýuka, kökmiwesi bolsa, köplenç narynç, sary, benewşe öwüşginlidir. Ýeralma meňzeýändigi sebäpli, oňa «süýji ýeralma» hem diýýärler.

Meksika, Kolumbiýa, Wenesuela ýaly ýurtlar badatyň watany hasaplanýar. Bu ösümlik tropiki tebigatly topragy we ýylylygy halaýar. Badat dünýä aşhanasynda ýörgünli bolup, ol gowrulyp, gaýnadylyp, buglanyp, şeýle-de çig görnüşinde iýilýär we dürli süýjülik önümlerine goşulýar.

Selbi BABAÝEWA,
Arkadag şäher Saglyk öýüniň lukmany.