Ene dilimize söýgi döretmek
Ene dilimiz hakynda giňişleýin düşünje bermek gadymy sözlerimiziň manysyny düşündirmekden, söz baýlyklarynyň ähmiýeti hakynda beýan etmekden başlanýar. Okuwçylar sözleriň manysyna düşünmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde ene dilimize söýgi döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ene diline sarpa goýýan ýaşlar milli gymmatlyklarymyza, asylly ýörelgelerimize, gadymdan gelýän medeniýetimize hem çuňňur sarpa goýýarlar. Onuň üçin hem ene dilimiziň gymmatlygy, sözleri hakynda köp pikir ýöretmeli, bular hakynda ýaşlara giňişleýin düşünje bermeli. Sapakda dil bilimi, dilimiziň sözlük gory, leksikologiýa barada düşündirýärin. Sapagyň dowamynda okuwçylar bilen sowal-jogap alyşýarys we dil we sözleýiş medeniýeti baradaky pikirlerini beýan etmeklerini tabşyrýaryn. Okuwçylaryň öz pikirlerini beýan edip bilmekleri dil bilimine, ene dilimiziň baýlyklaryna düşünjäni kemala getirýär.