Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

4 Ýanwar 2021
2051

Birek-biregi ýyllaryň gelmegi bilen gutlamakdaky gymmatlygyň aňyrsyna göz ýetmez. Muny diýmek bilen men nämäni ýaňzytjak bolýan. Kesgitli ömrüň her bir pursadyna gadyr goýmagymyz gerek. Şol zerurlyga düşünmek birimize däl-de, barymyza hökmany. Toýly günleriň gujagyndan jyda düşürmesin Biribar. Türkmene düşen nazary hemişelik bolsun! Onda asudalyk, abadanlyk, imisalalyk, gözellik, reýhanlyk bar. Ömür bar, döwür bar.

Şol lezzeti, eşreti eçilýän hormatly Prezidentimiziň — Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan bimöçber işleri rowaçlyklara beslensin!

Gözel ŞAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Gahrymany.