Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda nebitgaz senagatynyň geljegi uludyr

25 Noýabr 2024
223

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Energetika müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde iki dostlukly döwletiň arasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan nebitgaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeklige gönükdirilen wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan daşary ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli, hoşniýetli gatnaşyklary netijeli ösdürýär. Şunda HHR bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Hytaý Halk Respublikasy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýar, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, içeri hem-de daşary syýasatyna hormat goýýar.

Mämmet MÄMMEDOW,
«Nebit-gaz».