Türkmenistanyň daşary syýasaty we baky Bitaraplyk

4 Ýanwar 2021
2156

Ýurdumyzyň hem dünýäniň syýasy, ykdysady, ulag-aragatnaşyk we medeni durmuşynda möhüm yz goýan, şeýle-de döwlet berkararlygynyň berkemegi, ykdysady durnuklylygyň gazanylmagy hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ösmegi üçin ählumumylaşmagyň üýtgewsiz şert bolup durýandygyny subut eden 2020-nji ýyl taryha altyn harplar bilen ýazylar. Bu gün uly arzuw, üýtgewsiz umyt bilen garşylanan Täze, 2021-nji ýylyň — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günleri. Bu gün Türkmenistan we onuň agzybir halky hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda indiki maksatlara, ýeneki sepgitlere, şöhratly ýeňişlere ýetmek üçin uly umyt bilen Täze ýylyň nurana gününe oýandy.

2020-nji ýyl ählumumy kynçylyklaryna, dünýädäki ykdysady çökgünlige garamazdan, Türkmenistan üçin ähmiýetli ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ata Watanymyz baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny giňden belläp, halkara çäreleriň ençemesini geçirdi we dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň rowaçlanmagy üçin Birleşen Milletler Guramasynyň beýik münberinden ençeme başlangyçlary öňe sürdi.

Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.