Täze tebigy gaz akymy alyndy

25 Noýabr 2024
201

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir.

Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri babatda deňsiz-taýsyz hasaplanýan «Galkynyş» gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.

(TDH)