Ulag diplomatiýasy — ählumumy ösüşleriň binýady

25 Noýabr 2024
222

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip ykrar etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň halkara derejede bellenilmegi uly mana eýedir.

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Şeýle hem bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy, 70-nji, 72-nji, 75-nji, 77-nji we 78-nji sessiýalarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamyna degişli Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Bu resminamalar ulag geçelgeleri boýunça gatnawlaryň howpsuzlygyna ýardam bermäge, durnukly ösüş üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga, söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine, üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Tumar KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.