Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

4 Ýanwar 2021
2295

Energiýa-ýangyç serişdelerine, esasan hem, tebigy gaza baý bolan Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini täze bazarlara çykarmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Bu ulgamda işleri ilerletmek we durnukly ösüşi gazanmak möhüm wezipeleriň biridir. Ýurdumyz öz «mawy ýangyjynyň» gorlaryny agtarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek, dürli harytlary öndürmek hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen tebigy gazy dürli ugurlar boýunça ugratmak meselesine aýratyn üns berýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa goýumlaryny çekmek, dünýäniň gaz bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Eziz Watanymyzyň tutuş çägi, şol sanda Hazaryň deňiz ýalpaklygy häzirki wagtda ýangyç serişdeleriniň täze ýataklaryny gözlemek nukdaýnazaryndan uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýer astynyň çuň geologiýa gurluşyny geofiziki taýdan barlamagyň möçberlerini artdyrmak, geljegi uly nebit we gaz düzümlerini ýüze çykarmak, olary çuňňur gözleg-barlag burawlamak işine taýýarlamak we soňra nebitiň we gazyň gorlaryna baha bermek hem-de gorlary senagat derejesine geçirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýangyç serişdeleriniň ýataklaryny özleşdirmek hem-de bu ulgamda bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri daşary ýurt maýasyny, döwrebap tehnologiýalary çekmek nebitgaz pudagynyň okgunly ösmegini üpjün edýär.

Jeren GURDOWA,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.