Yh­las­ly zäh­met — göw­ne­jaý ne­ti­je

25 Noýabr 2024
243

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde obasenagat toplumy hem beýik ösüşlere beslenýär. Bu pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan edermen kärendeçi daýhanlar arman-ýadaman, tutanýerli zähmet çekýärler. Ýer eýeleriniň ýylboýy çeken zähmetine olaryň gazanan netijeleri, ýetişdiren hasyllary boýunça baha berilýär. Bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny öndürmek baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän kärendeçi daýhanlar Mary welaýatynda hem az däl. Tejribeli, hasyl ýetişdirmekde işiniň ussady hasaplanýan kärendeçileriň biri hem Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Enegyz Amangeldiýewadyr. Kärendeçi zenan toprak bilen, ekin bilen düşünişmegi başaryp, 30 ýyl töweregi wagt bäri ene ýere hyzmat edip gelýär. Şu ýyllaryň dowamynda ol ýere hyzmat etmegiň dürli usullaryny kemsiz öwrenipdir. Şeýlelikde, her ýylda 2 gektar kärende ýerinde bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bellenilen meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirýär. Ol «Ýeriň azy, malyň köpi» diýlişi ýaly, az ýerden köp hasyl almagy maksat edinýär. Saýlap alan kärine höwesli ýapyşýan Enegyz Amangeldiýewa kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýar. Päk zähmeti bilen halal rysgyny ýerden alýar. Has dogrusy, daýhançylyk onuň rysgal, döwlet tapan käri.

Biz döredijilik toparymyz bilen hem-ä armasyny ýetireris, hemem söhbetdeş bolup, alyp barýan işleri bilen tanşarys diýen maksat bilen, Enegyz Amangeldiýewanyň pagtaly meýdanyna bardyk. Şol wagt hojalygyň başlygy Şöhrat Täçdurdyýew bilen hem gabatlaşdyk.

Durdynabat BAÝRAMOWA, žurnalist.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.