Pähim-paýhasyň çeşmesi

4 Ýanwar 2021
2173

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan möhüm ähmiýetli umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda aýdyň beýanyny tapdy. Halkymyza asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, bitewülik we agzybirlik ýaly ýörelgeler mahsusdyr. Ynsany gurşap alan dünýä, tebigat bilen özara gatnaşyklary rowaýatlardan hem-de tymsallardan alnan öwüt-ündew mysallary arkaly düşündirilýär. Olar nesilleriň durmuş pähim-paýhasyny hem-de köpasyrlyk tejribesini özüne birleşdirýär. Halk döredijiliginiň, şol sanda ata-babalarymyz tarapyndan döredilen nakyllaryň hem-de parasatly sözleriň, döredijilik taýdan ussatlyk bilen ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň edebi eserleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar, olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýar.

Milli Liderimiziň taryhy maglumatlara esaslanýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär hem-de hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylmy çemeleşme esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny aýdýar.

Gadam KERIMOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň okuw bölüminiň başlygy.