Türkmen kinosynyň günleri — Gruziýada

25 Noýabr 2024
230

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan ýubileý çäreleriniň çäginde söz ussadynyň baý edebi mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek bu günki gün daşary ýurtlarda Watanymyza wekilçilik edýän türkmen diplomatlarynyň işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biz hem dostlukly döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan Zeminiň çar künjeginde geçirilýän çäreler baradaky habarlary gazetimizde yzygiderli beýan edip gelýäris. 22 — 24-nji noýabrda Tbiliside guralan Türkmen kinosynyň günleri-de şu babatda özboluşly çäreleriň birine öwrülip, gruziýaly sungat söýüjilerde uly gyzyklanma döretdi.

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň Kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, Tbiliside akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylmy-döredijilik işgärleri, talyplar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow hem-de gruziýaly kinematograf D.Okropiridze ýygnananlaryň öňünde gutlag sözleri bilen çykyş edip, bu özboluşly çäräniň iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösüşine goşant goşjakdygyna, kino sungaty arkaly türkmenleriň dünýäsine içgin aralaşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdiler. Çünki kino sungatyň taryhy, medeniýeti, adamlaryň duýgularyny has netijeli beýan edýän görnüşi bolup, bu günki gün ol ähli halklary parahatçylyga çagyrýar, agzybirligi we jebisligi berkidýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen diplomaty bu çäräni guramakda ýakyndan ýardam beren Gruziýanyň Kino akademiýasyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».