Kadaly iýmitlenmek sagdynlygyň gözbaşydyr

24 Noýabr 2024
327

Gan basyşynyň ýokarlanmagy bedeniň agramy bilen bagly. Agramyň kadaly bolmagy arterial basyşy pese düşürýär. Hereket we fiziki işjeňlik saglyga täsir edýär. Munuň üçin her gün maşk etmeli. Aerob maşklary, ýöriş, haýal ylgaw, welosiped sürmek, suwda ýüzmek peýdalydyr. Günde altydan sekiz bulgura çenli arassa suw içmegi ýatdan çykarmaly däl. Zyýanly endiklerden daşda durmak ýürek-damar keselleriniň howpuny peselder we saglygyň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrar.

Sagdyn iýmitlenmek beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, ýaşaýşyň girewi we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Sagdyn iýmitlenmegiň hem öz kadalary bar. Bu iýmitiň dürli görnüşli bolmagydyr. Mallardan alynýan önümlere garanyňda, gök-bakja we miweli önümlere has köp üns bermeli. Gök önümler dürli-dürli bolmaly. Sebäbi iýmitiň bir görnüşi bedeni gerek bolan ähli maddalar bilen üpjün edip bilmeýär. Mysal üçin, ýeralma bedeni C witamini bilen üpjün edýär, ýöne demir bilen bagly zerurlygy ýerine ýetirip bilmeýär. Onuň tersine, däneli önümler demre baý, ýöne olaryň düzüminde C witamini ýokdur.

Nurmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Aşgabat şäherindäki 15-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.