Saglyk — uly baýlyk

4 Ýanwar 2021
1909

Çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde her bir ene-ata perzentleriniň käbir düzgünleri berjaý etmeklerini gazanmalydyr. Howanyň şu döwürdäki sowuk günlerinde pasyllara görä geýinmek hökmandyr. Pasyllara görä ýyly geýinmek bizi sowuklamadan hem-de dümewden gorar. Kähalatlarda çagalar gyssanmaç halda howul-hara geýnip, daşary çykýarlar. Kämahal, ulularyň hem, dükana ýa-da golaý aralyga bir ýere gidenlerinde, egni ýuka, aýagyna şypbyk geýmek endigi bar. Bular ýaly ýagdaýlara ýol bermeli däldir. Çünki ýyly ýerden çykyp, sowuga aralaşylansoň, beden sowuga has-da ynjyk bolýar. Şonuň üçin çagalara daşary çykylanda gyşky egin-eşikleriniň ählisiniň: başgabyň, possunyň, ädigiň, elligiň bolmalydygyny sargamaly, egni ýuka, şypbykda daş çykmaga asla ýol bermeli däl.

Howanyň düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagyň, burnuňa oksolin melhemini çalmagyň hem ähmiýeti uludyr. Köpçülige çykylanda 2 metr howpsuz aralygy saklamalydyr. Bakteriýalaryň hem-de wiruslaryň ýaýramagynyň öňüni almakda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek hökmandyr. Köpçülik ýerlerinden gelnensoň, islendik işiňi edip bolanyňdan soň elleriňi sabynlap ýuwmak zerurdyr. Öýde, iş otagyňda hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmegiň ähmiýeti uludyr. Öýde, işde arassaçylyk çärelerini geçirmek, otaga arassa howa girer ýaly, wagtal-wagtal ýelejiretmek peýdalydyr. Günüň dowamynda köp ellemeli bolýan zatlarymyzy, gurallarymyzy mümkin boldugyça zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpürmeli. Gapylaryň tutawaçlaryny, penjireleri, mebelleri ýörite tämizleýji serişdeler ýa-da sabynly suw bilen süpürip, soňra mylaýym suwa durlamaly.

«Ahal durmuşy».