SIRKULÝAR YKDYSADYÝETE GEÇMEGIŇ ÖSEN TEJRIBESI: NIDERLANDLAR KOROLLYGY

24 Noýabr 2024
154

Niderlandlar Korollygy Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, dünýäde ýokary hünärli işçi güýjüne eýe bolan, kämil infrastukturalary döredilen, ykdysady taýdan has ösen döwlet hökmünde tanalýar. Bu ýurduň möhüm pudaklaryna maşyn gurluşygy, elektron, nebithimiýa, gämi gurluşygy, gara metallurgiýa, dokma, mebel we kagyz senagatlary degişlidir. Jemi içerki önümiň 73 göterimi hyzmatlar gurşawynyň paýyna düşýär. Hyzmatlar gurşawynda ulag we aragatnaşyk, karz we maliýe, ylmy-barlag we tejribe konstruktorçylyk işleri, bilim, halkara syýahatçylyk, işewürlik hyzmatlary agdyklyk edýär.

Niderlandlarda «Royal Dutch Shell», «Unilever», «Royal Philips Electronics» ýaly transmilli kompaniýalarynyň ştab-kwartiralary we önümçilik desgalary ýerleşýär.

Gulbeşer BABAÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlarynyň kandidaty.