Netijeli ulgamyň giň mümkinçilikleri

3 Ýanwar 2021
2416

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň ösüşlerini has-da belende göterýär. Şunda ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçmeginiň aýratyn mümkinçiliklere eýe bolýandygyny bellemegimiz gerek. Sebäbi munuň özi döwrebap ösüşleri, tizligi üpjün edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde durmuşa geçirilýän işleriň örän ýokary netijelere eýediginden habar berýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ösüşiň täze mümkinçiliklerini döredýär. Bu ilkinji nobatda döwrebaplyk bolup, işleriň tiz durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda dürli pudaklar sanly ulgama geçirilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda elektron senagaty, elektron tehnikalaryň önümçiligi ýola goýulýar. Bu hem sanly ulgamy döwrebap ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

Jahan ARSLANOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.