Milli bilim ulgamynyň täze eýýamdaky ösüşi

21 Noýabr 2024
249

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä standartlaryna, strategik özgerişlere üstünlikli goşulyşýan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde täze wezipeler goýulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken bu taryhy Kararyndan gelip çykýan wezipeler boýunça okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrmak, döwletimiziň umumybilim maksatnamalary esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly işlere möhüm täzelikleriň girizilmegi bilim işgärleriniň uly goldawyny gazandy.

Jemgyýetimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda üstünlikli dowam etdirilýän bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, pedagogik işgärleri hünär taýdan taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek, bilimiň usulyýet binýadyny nazaryýet we amalyýet taýyndan işlemek, okuw-tejribede berkitmek möhümdir. Umumybilim edaralarynda okuwçylaryň okuw ýüküne laýyk getirilen bilimleriň esaslaryny goýmak, olaryň zähmet endikleriniň ösdürilmegi, ýokary ahlak sypatlarynyň, belent adamkärçilik duýgularynyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň terbiýelenmegi mugallymlaryň hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Minewer ALLAKOWA,
Çärjew etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň mugallymy.